Biz barada

     Türkmenistan ýurdumyz öz milli baýlyklarynyň bilen bir hatarda, ajaýyp binalary gurmakda hem özüni dünýä tanatmagy başardy. Ýurdymyzyň gurluşyk pudagynyň sazlaşykly kämilleşýän döwründe “Baş Bina” HJ degişli ulgamda uly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Kompaniýanyň düýbi 2013-nji ýylda tutuldy. Kompaniýa gysga wagtyň dowamynda baý tejribe toplady hem-de müşderileriň ynamyna girmegi başardy. Müşderileriň hojalyk jemgyýetine bolan ynamy her bir edýän işine üstünlikli ýerine ýetirmäge, itergi we güýç berdi. Täzeçil pikirleri we hemme zatdan öňde goýýan iş ahlagy bilen kompaniýamyz gurluşyk gurnama işlerini, senagat we önümçilik maksatly toplumlaryň gurluşyklaryny, gurluşyk meýdançalarynda topografiýa we geodeziýa işlerini, gurluşyk desgalarynda inženerçilik ulgamlaryny gurnama işlerini ýerine ýetirýär we ilata hödürleýär. Şondan ugur alyp, “Baş Bina” hojalyk jemgyýeti öz işleri bilen tanyşdyrmak üçin sanly ulgamdan peýdalanýar.

Öňde goýan maksadymyz

“Baş Bina” HJ ýokary hünärmençilik ruhunda ilata hyzmat etmek bilen gurýan binalaryny döwrebap dizaýynda hemme taraplaýyn hyzmatlary göz öňünde tutup ýokary hilde öz işini doly derejede berjaý edýär. “Baş Bina” öz edýän işinde müşderileriň doly derejede ynamyny ödemek we uzak möhletli gatnaşyklary saklamak üçin tagallalar edýär.